Меню
Разработки
Разработки  /  Обществознание  /  Уроки  /  Прочее  /  Hazaryň -derde dermanlyk suwy.

Hazaryň -derde dermanlyk suwy.

Hazar deňziniň derde derman suwynyň tomus aýyndaky ähmiýeti hakynda.
11.06.2022

Содержимое разработки

Hazaryň –dermanlyk suwy.



Hazar deňziniň -müň derdiň dermany hasaplanýan şypaly suwunyň ähmiýeti örän ulydyr. Deňziň ürgün çägeli kenary, minerallar bilen baýlaşdyrylan suwy, jana şypa berýän bejeriş palçykly tebigy gurşawy dynç almak we birnäçe keselleriň öňüni almak üçin tapylgysyz serişdelerdir.Çünki Gadymýetde Turan pesliginiň Gadymky Tetis deşziniň dýybi bolandygy ýatlamak gerek. Şol sebäpden bu ürgün çägelik aslynda deşiz düýbiniň çägeligi ýagny arassa çäge hasaplanýar.

Deňiz suwunyň ýokarky gatlagyna düşýän Gün şöhlesi, esasan hem, ultramelewşe şöhlesi adam bedeninde bolup geçýän madda çalşygynyň güýçlenmegine we bedeniň ýokanç kesellere garşy goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmaga gowy täsir edýär.

Deňiz suwunyň düzümindäki duzlaryň we mikroelementleriň arasynda ýod we fosfor aýratyn orunda durýar. Ýod deňiz ösümlikleriniň düzüminde emele gelýän mikroelementdir. Ösümlik näçe köp boldugyça, suwuň düzümindäki ýoduň mukdary şonça-da köp bolýar. Adam bedenine deňiz suwy, şeýle-de çygly howa arkaly dem alyş ýollarynyň üsti bilen siňýän ýod köp keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Defiiz howasynda kislorodyň we ozonyň mukdarynyň hemişe ýokary bolýanlygy sebäpli, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna, dokumalardaky maddalaryň alyş-çalşygynyň  ýokarlanmagyna getirýär.

Deňizde suwa düşülende, tolkunlaryň güýjünden döreýän beden gyjynmasy ýokary bolup, ol adam saglygyna tebigy täsir edýär. Deňiz suwunda ergin duzlaryň ençemesi, ýod hemde beýleki maddalar toplanyp, deriniň gyjynmasyny himiki häsiýete eýe edýär. Ýürek-damar ulgamynyň, dem alyş agzalarynyň dowamly kesellerini bejermekde, galkan görnüşli mäziň ýod ýetmezçiliginde döreýän keselleriň öňüni almakda we bejermekde ýoduň täsiri we peýdasy örän uludyr.Lukmanlaryň bellemegine gärä deňizde suwa düşmeklige we Gün wannasyny kabul etmeklige ir sagat 6:00-dan 10:00-a çenli, öýlän sagat 18:00-dan garaňky gatlyşýança maslahat berilýär. Kähalatlarda deňiz suwuna düşmegiň tertip-düzgüni bozulan ýagdaýynda gün urma duçar bolunýar. Bu bolsa adam saglygy üçin zyýanlydyr. Deňiz suwunyň täsiri ýaly, deňiz kenaryndaky tolkun atyp duran mele gyzgyn çägäniň hem adam bedenine täsiri uly. Kenar ýakasyndaky gyzgyn çägäniň üstünde aýakýalaňaç ýöremek we çägä gömülmek (çäge wannasy) köp keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Gyzgyn çäge adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar we bedeniň ýokanç kesele garşy güýjüni ýokarlandyrýar. Deňziň kenarynda gyzgyn çägäniň üstünde gezelenç etmegiň özi-de adamyň saglygyny berkitmegiň bire-bir emidir.



-80%
Курсы повышения квалификации

Методика преподавания экономики в условиях реализации ФГОС

Продолжительность 72 часа
Документ: Удостоверение о повышении квалификации
4000 руб.
800 руб.
Подробнее
Скачать разработку
Сохранить у себя:
Hazaryň -derde dermanlyk suwy. (154.42 KB)

Комментарии 0

Чтобы добавить комментарий зарегистрируйтесь или на сайт

Вы смотрели