Меню
Разработки

Ylymda hyjuw esasdyr.

ylymda hyjuw zereurlygy hakynda
18.06.2022

Содержимое разработки

Ylymda hyjuw esasdyr.

Talyplary, sopylara sowat bermekde, ahunlara we karylara tälim bermekde uly meşhurlyga eýe bolan Annagylyç işan özüniň sopularyny we talyplaryny bilimi we ruhy kämişmesi boýunça bir derejeden beýleki derejä geçirende synaglardan geçirip saýlapdyr. Synagdan geçip bilmedigi ugradypdyr, geçenler bolsa okuw-tälimini dowam edipdir.

Bir gezek Annagylyç işan mollaçylyk derejäni tamamlan talyplarynyň hersini bir ýere obalarda, atlyklarda, şäherlerde ýerleşen metjitlere we medreselere azançy-müzeddin wezipesine belläp 3 aýlyk tejribe toplamak üçin ugradypdyr.

Bir ýarym aý geçenden soň bu talyplaryň ýagdaýlaryny soramaga halypasy aýlanmaga başlapdyr.

Bir talybynyň yzydan baryp ýagdaýyny sorapdyr.

–Önümçilik nähilli, näme kem zadyň bar? Gürrüň ber.

–Halypa ýagdaýlarym gowy. Irden turýan menden başga ynsan ýok ýaly, diňe haýran galaýmaly, azany ortalaberenimde, niredendir bir ýerden bilbillerdir, sülgünler peýda bolup güjümlerde saýraşyp başlaýar. Sesim şolar bilen garyşyp has hem owadan bolýar, edil jennetmikä diýdirýär – diýip jogap beripdir.

Ikinji talyp şeýle joghap beripdir:

–Irden turýan, azan gygyrýan, weli obanyň horazlary hem oýanyp olar hem gygyryp başlaýarlar. Hälem meniň duran ýerim beýik minara bolany sebäpli sesim ýaňlanyp olardan zordan saýlanýar.– diýipdir

Üçünji talyp şeýle jogap beripdir.

  • Men hem azana gygyryp başlaýan, weli oba ýagy çozan ýaly itler üýrüp başlaýäarlar. Sesim olara garyşyp zordan saýlanýar, maňa uly päsgel berýär.– diýipdir

Dördünji talyp şeýle joghap beripdir.

  • Men hem azana gygyryp başlaýan, weli obanyň eşekleri aňňyrşyp, sygyrlary molaşyp, goýun-geçiler mäleşip başlaýar. Ýola düşen çopanlaryň araba sesrleri hem onuň üstüne Sesim olara garyşyp zordan saýlanýar, maňa uly päsgel berýär.– diýipdir.

Annagylyç işan olaryň ählisine gaýrat etmeklerini, tijenmegi maslahat beripdir. 20 günden ýene-de olaryň yzyndan habar tutupdyr. Hiç hilli üýgeşme bolmandygyna göz ýetiripdir.

Tejribelik döwri tamamlanypdyr. Talyplaryň ählisi Annagylyç işanyň medresesine ýygnanypdyrlar. Doladyryjy sopusy şol wagt piriniň uzak ýerde jynaza namaza gidendigini, şeýle hem onuň tejribelikden gelenler gapydaky bildiriş bilen tanyş bolmagy tabşyrandygyny aýdypdyr.

Medresäniň gapysynda sopular:

“1. Daňdan irden bilbiller bilen azan gygyrýan talyplar goşlaryny alyp, tälim alýan ahunlaryň hüjrelerine goşulsyn;

2. Azan sesi horazlar bilen goşulýan azançylar okuw-tälimini kämilleşdirmek üçin wagtlaýyn mollaçylyk okuwyny dowam edýär;

3. Sesi itler we eşekler bilen garyşyp çykýan azançylar şunça wagtda (3 ýylda) taplanmandyklary, ylymyň agyr ýoluny geçmäge ukyplarynyň ýoklugy sebäpli şunuň bilen okuw ýoluny bes edýärler.” diýlen ýazgyny okapdyrlar.


Türkmen oba hojalyk institutynyň

mugallymy Şadurdy Atakow





-75%
Курсы повышения квалификации

Методика преподавания основ финансовой грамотности в условиях реализации ФГОС

Продолжительность 72 часа
Документ: Удостоверение о повышении квалификации
4000 руб.
1000 руб.
Подробнее
Скачать разработку
Сохранить у себя:
Ylymda hyjuw esasdyr. (18.96 KB)

Комментарии 0

Чтобы добавить комментарий зарегистрируйтесь или на сайт

Вы смотрели