Меню
Разработки
Разработки  /  Обществознание  /  Классные часы  /  Прочее  /  Täze döwrüň baş guraly- Ylym.

Täze döwrüň baş guraly- Ylym.

Täze eýýämde täzeçil okatmagyň usularyndan söhbetdeşlik
11.06.2022

Содержимое разработки

Täze döwrüň baş guraly- Ylym.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAHEDOW:

Ylmy-tehniki ösüşiň belentlige galýan döwründe — XXI asyrda biz ylma daýanmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we milletimiziň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistany durnukly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys.

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýa-dy we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.

Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.

Mähriban Prezidentimiz ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmegi, hususan-da, ykdysadyýeti ösýän kuwwatly döwleti döretmegi baş maksatda goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetiň täze-täze pudaklary we düzümleri döredilýär.

Beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamy halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, halkara dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda örän ýokary jogapkärçilige borçly edildi. Täzeçe pikirlenmäge, önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Bilşimiz ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirilýär. Wekilçilikli geçirilýän bu foruma dünýäniň döwletlerinden alymlar, mugallymlar, ýaş zehinler, ylmy derňewleri alyp barýan hünärmenler, ylmy merkezleriň we institutlaryň wekilleri gatnaşyp, döwrüň derwaýys meseleleri barada ylmy nutuklar bilen çykyş edýärler, pikir alyşýarlar, täze taslamalary hödürleýärler.

Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär.

Mähriban Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bilen häsiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň bilim-ylym özgertmeleri bilen örän gysga wagtyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine getirdi. Çuňňur ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňat netijelerini görkezýär. Halkyň eşretli durmuşy we Watanymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede ösüşli galkynyşy milli Liderimize uly abraý-mertebe getirdi. Dünýäde umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklaryň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýan merdana türkmen halky täze ruhy galkynyş bilen öňe barýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ösüşiniň strategik ugurlary anyk kesgitlenildi. Bilim-ylym ulgamy eziz Arkadagymyz ählihalk Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik esasda iň köp ses alyp ýurduň ýokary wezipesine ilkinji saýlanan ýylyndan — 2007-2008-nji okuw ýylyndan düýpli özgertmeler bilen täze ösüşli ugra gönükdirildi. Orta mekdeplerde ozal okuw maksatnamalaryndan çykarylan bedenterbiýe, şeýle hem jemgyýeti öwreniş dersleri girizildi. 2008-2009-njy okuw ýylyndan bolsa ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklary girizildi.

Türkmenistanyň geljekde halkara gatnaşyklaryny guraýjylar bolup ýaşlaryň ösüp ýetişmekleri nazarda tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýapon dili, iňlis dili we edebiýaty, howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlary tehniki taýdan ulanmak, hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri, önümçiligiň we tilsimat proseslerin awtomatizasiýasy, ösümlik ýagyny öndürmek, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alyş we audit, bedenterbiýe, gurjak teatrynyň aktýory, halkara ћurnalistikasy ýaly täze hünärler açylyp, bu ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýola goýuldy. Şol başlangyçlar bilen bu gün milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligi görnetin gowulandy.

Ýokary   okuw mekdeplerinde italýan dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty, koreý dili, ispan dili, agrohimiýa we topragy öwreniş, ösümlikleri goramak, maldarçylyk, melioratiw işleri mehanizmleşdirmek, dünýä maliýe ykdysady bazary we senagat inћenerçiligi açyldy. Häzirki döwürde bolsa arheologiýa, hindi dili, döwlet we ýerli dolandyryş we senagat elektronikasy hünärleri açyldy.

Milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek işi birjik-de ünsden düşürilmeýär. Häzirki günde mekdepleriň ähli basgançaklary ylmy esasly täze gurluşa geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň we fakultetleriniň sany artdyryldy, şol sanda hünärleriň sany mese-mälim artdyryldy, harby lukmançylyk hünäri hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri açylyp, olaryň işi ýola goýuldy.

Eziz Arkadagymyzyň ylym-bilim özgertmeleri bilen Türkmenistan halkara derejeli bilim berýän merkeze öwrüldi.

-80%
Курсы повышения квалификации

Исследовательская деятельность учащихся

Продолжительность 72 часа
Документ: Удостоверение о повышении квалификации
4000 руб.
800 руб.
Подробнее
Скачать разработку
Сохранить у себя:
Täze döwrüň baş guraly- Ylym. (19.12 KB)

Комментарии 0

Чтобы добавить комментарий зарегистрируйтесь или на сайт

Вы смотрели