Меню
Разработки
Разработки  /  Всем учителям  /  Разное  /  Прочее  /  Takdyr-ykbaly taryha ýazmak

Takdyr-ykbaly taryha ýazmak

ylym bilen bagly hekaýa
18.06.2022

Содержимое разработки

Takdyr-ykbaly taryha ýazmak

Talyplar, sopylar, kary, ahun okadyp, tälim bermekde Daşoguz ilinde meşhurlyk gazanan Annagylyç işanyň mekdep-medresesine sopy, talyp ýygnap, saýlap-seçip almakda birnäçe adatlary, ýörelgesi bar eken.

Ol täze okuwçy ýygnamakda şeýle usul ulanýar eken. Toýlarda, sadakalarda, märekelerde adamlaryň ogluny okatmaga isleg bildirýändigi baradaky ýa-da medreselerde synaglara taýýarlyk görýänligi baradaky gürrüňlerini gapdaldan diňlär eken. Soň onuň ýanyna baryp: “Sakgaldaş seniň bagtyň geldi, edil ýakyn wagtda bir orun boşajak bolup dur. Hany ogluňy alyp gideli ýerleşdireli, “Bilim–hazynadyr–takdyrdyr” diýipdir aždatlarymyz, takdyryň mümkinçiligini sypdyrma. Adyny aýt bellige ýazyp goýaly, ogluňy şu wagt eltip gaýt” diýip ýüzlener eken. Okatmaga isleg bildirýän talybyň atasy:

–Bolýar halypa, adyny belläň Meret Mätdurdy ogly, şu gün giçde ýa ertir irden goşy bilen özüm göçürerin”

ýa-da:

  • Tagsyr, ýaz adyny Meret Mätdurdy ogly, ýöne, halypa, şony indiki aýyň birinji hepdesiniň juma gününden soň göçürsek bolmazmyka, agasy öýlenýär (ýa-da Gurbanlyk haýtdan), soň gitse gowy bolardy”

diýip ylalaşylanda, iki ýagdaýda hem dergisine-kitapçasyna täze talybyň adyny bellik eder eken, birinji ýagaýda talyby okuwa kabul edýän eken, ýöne ikinji ýagdaýda talybyň kakasy gidenden soň dergiden talybyň adyny öçürýär eken. Ony gören adamlar oňa geň galyp:

  • Halypa, bu näme etdigiň bolýar, sen söz berdiňiz-ä, bu lebizsizlik bolmazmy? diýip soranlarynda,

Annagylyç işan:

  • Halaýyk, men öz ýagdaýymy, şertimi beýan etdim, ol bu ahwalatdan ykbaly üçin peýdalanmagy başarmady, ýagny zehini heniz daş ýaryp, ylhamy joşanok, bu yhlas-miwe şindi çig, gögele, ol öz takdyryny-ykbalyny taryha ýazmakdan häli ejiz. Ol okuwyny başga bir ykballara, wakalara baglamaly däldi. Eger nesibesi bolanda: “Meret jan okuwa başlanyndan iki hepdeden soň agasy öýlenipdi, ýa-da Gurban haýtda uly sadaka beripdim” diýip ýatlardy. Haçan hem bolsa, okuwa bolan yhlasy-ylhamy joşan wagty öz nesibesi bilen, öz “aýagy” bilen geler –diýip jogap berýän eken.


Şadurdy Atakow

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

-75%
Курсы повышения квалификации

Синтаксис современного русского языка

Продолжительность 72 часа
Документ: Удостоверение о повышении квалификации
4000 руб.
1000 руб.
Подробнее
Скачать разработку
Сохранить у себя:
Takdyr-ykbaly taryha ýazmak (543.09 KB)

Комментарии 0

Чтобы добавить комментарий зарегистрируйтесь или на сайт

Вы смотрели